Eltip bermek we töleg tertibi:

·        Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň çägi bilen bir hatarda Büzmeýine we Änew şäherine hem elýeterlidir. Hyzmat mugt amala aşyrylýar;

·        Her bir sargydyň jemi bahasy azyndan 100 manat bolmalydyr;

·        Saýtdan sargyt edeniňizden soňra operator size jaň edip sargydy tassyklar (eger hemişelik müşderi bolsaňyz sargytlaryňyz islegiňize görä awtomatik usulda hem tassyklanýar);

·        Girizen salgyňyz we telefon belgiňiz esasynda hyzmat amala aşyrylýar;

·        Sargyt tassyklanmadyk ýagdaýynda ol hasaba alynmaýar we ýerine ýetirilmeýär. Şonuň üçin telefon belgiňiz we salgyňyz ýaly maglumatlaryňyzy girizeniňizde, olary üns bilen barlaň;

·        Sargydy barlap alanyňyzdan soňra töleg amala aşyrylýar. Eltip berijiniň size gowşurýan töleg resminamasynda siziň tölemeli puluňyz bellenendir. Töleg nagt we nagt däl (bank kartlary) görnüşde milli manatda amala aşyrylýar. Kabul edip tölegini geçiren harydyňyz yzyna alynmaýar.

·        Sargyt tassyklanandan soňra 24 sagadyň dowamynda eýesi tapylmasa ol güýjüni ýitirýär.